
Meşhur hüjümçi Serdar Azmun ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň ýaşyl meýdançalarynda geçiriljek futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşjak Eýranyň milli ýygyndysynyň gutarnykly düzümine girizilmedi. Milli ýygyndynyň resmi sosial media neşirlerinde çap edilen 26 futbolçydan ybarat resmi sanawda tejribeli hüjümçiniň ady orun almady.
Russiýanyň «Rubin Kazan», «Rostow» we «Zenit Sankt-Peterburg» ýaly belli klublarynda görkezen netijeli oýunlary bilen tanalýan Azmun, 2025-nji ýylyň mart aýyndan bäri Eýranyň baş toparyna çagyrylyp bilinmedi. Ol hatda Dünýä çempionatynyň öňüsyrasy yglan edilen giňeldilen deslapky sanawa hem goşulmady.
Halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň çaklamalaryna görä, bu garaşylmaz kararyň arkasynda futbolçynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň resmi wekilleri bilen düşen suratlarynyň sosial ulgamlarda paýlaşylmagy ýaly sportdan daşary sebäpler ýatyr.
Azmun bolsa öz sosial media sahypalarynda Eýranyň «onuň ýüregi we buýsanjy» bolup galýandygyny belläp, milli ýygynda dünýä çempionatynda üstünlik arzuw etdi.
Futbol boýunça Dünýä çempionaty şu ýylyň 11-nji iýuny — 19-njy iýuly aralygynda guralar. Ýaryşyň «G» toparynda bäsleşjek Eýranyň milli ýygyndysy toparçalaýyn tapgyryň çäklerinde 15-nji iýunda Täze Zelandiýa, 21-nji iýunda Belgiýa we 26-njy iýunda Müsür bilen duşuşar.
Keywords