Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Baş sekretary Sergeý Lebedew «GDA+» görnüşinde hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň hakykata öwrülip biljekdigini belledi. Onuň pikirine görä, geljekde bu görnüşe Mongoliýa we Serbiýa ýaly döwletleriň hem goşulmagy mümkin.
Sergeý Lebedew bu barada TASS agentliginiň baş direktory Andreý Kondraşowa beren interwýusynda aýtdy.
Baş sekretaryň bellemegine görä, «GDA+» formatyny döretmek meselesi Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň sammitleriniň derejesinde eýýäm ara alnyp maslahatlaşylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy görkezildi.
Sergeý Lebedew şol sammite Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň ilkinji gezek gatnaşandygyny ýatlatdy. Eýranyň Prezidenti «GDA+» formatyna goşulmaga gyzyklanma bildiripdi. Bu başlangyç Arkalaşyga agza ýurtlarda oňyn garşylanyp, häzirki wagtda Eýranyň täze görnüşe ilkinji bolup goşulmagy bilen bagly mesele öwrenilýär.
Geljekde hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi baradaky sowala jogap berende, Sergeý Lebedew Mongoliýanyň we Serbiýanyň bu görnüşe goşulmagynyň häzirlikçe çaklama häsiýetini göterýändigini, ýöne şeýle mümkinçiligiň geljekde aradan aýrylmaýandygyny aýtdy.
«GDA+» formaty we GDA-nyň ýanyndaky synçy derejesi 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Duşenbede geçirilen sammitde döwlet Baştutanlary tarapyndan tassyklanyldy. Bu mehanizmler Arkalaşygyň işine gyzyklanma bildirýän beýleki döwletleriň has ýakyndan gatnaşmagyna mümkinçilik döretmegi maksat edinýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.