Lebap welaýatynda ýerleşýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýylyň ilkinji alty aýynda 12,7 müň tonna nebit ýol bitumy öndürildi. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berilýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bitum önümçiliginiň möçberi 300 tonna, ýagny 2,4 göterim artdy.
Nebit ýol bitumy ýol-ulag infrastrukturasynyň berkligini we howa şertlerine durnuklylygyny üpjün edýän esasy birleşdiriji serişdedir. Zawodyň bitum öndürýän ýörite desgasynyň taslama kuwwaty ýylda 37 müň 200 tonna deňdir. Kärhanada nebit ýol bitumyndan başga-da, A-80, A-92 we A-95 kysymly awtomobil benzinleri, dizel ýangyjy, mazut, ekstraksiýa benzini hamda suwuklandyrylan gaz ýaly uly islegden peýdalanýan nebit önümleri yzygiderli öndürilýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.