Türkmenistanyň geljekki çempionlaryny ýüze çykarmak maksady bilen, 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatlaryna kabul edişlik başlaýar. 2026-njy ýylyň 1–9-njy iýuny aralygynda geçiriljek saýlama ýaryşlaryna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden 2013-nji ýylda doglan, degişli sport razrýady bolan zehinli türgenler gatnaşyp bilerler.

Ýaryşlaryň tertibi we geçiriljek ýerleri:

  • Erkin we grek-rim göreşi:Senesi: 01.06.2026
    • Ýeri: Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň göreş zaly.
  • Dzýudo:Senesi: 04.06.2026
    • Ýeri: «Olimp» orta sport mekdebiniň dzýudo göreş zaly.
  • Sambo:Senesi: 04.06.2026
    • Ýeri: Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň köpugurly sport zaly.
  • Agyr atletika:Senesi: 05.06.2026
    • Ýeri: Aşgabat şäheriniň 30-njy kiçi etrapçasyndaky agyr atletika sport zaly.
  • Boks:Senesi: 08-09.06.2026
    • Ýeri: Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň boks zaly.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Dalaşgärler we olaryň ene-atalary goşmaça maglumat almak üçin aşakdaky salgylara we telefon belgilerine ýüz tutup bilerler:

  1. «Olimp» orta sport mekdebi:
    • Salgy: Aşgabat şäheri, A. Garryýew köçesi, jaý 78.
    • Telefon: 34-66-36, 34-66-15.
  2. Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebi:
    • Salgy: Aşgabat şäheri, Atatürk köçesi, jaý 21.
    • Telefon: 21-26-40.
  3. Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internaty:
    • Salgy: Ahal welaýaty, Gökdepe etraby, Babarap obasy, Babarap köçesi, jaý 9.