Türkiýäniň Stambul şäherinde 2026-njy ýylyň 2–4-nji iýuly aralygynda «CF Istanbul 2026» atly iri halkara gurluşyk sergisi geçiriler. Bu sergi gurluşyk pudagynda işleýän hünärmenler, binagärler, önüm öndürijiler we lomaý üpjünçiler üçin tejribe alyşmaga hem-de täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga gönükdirilen ählumumy meýdançadyr.

Sergide hödürlenjek esasy ugurlar:

  • Tehnologiýa we materiallar: Gurluşykda ulanylýan öňdebaryjy serişdeler, gurluşyk tehnikalary;
  • Inženerçilik ulgamlary: HVAC (ýyladyş, sowadyş we howalandyryş), suw üpjünçiligi hem-de elektrotehnika;
  • Akylly çözgütler: «Akylly öý» (smart home) ulgamlary;
  • Bezeg we dizaýn: Içki bezeg materiallary, dürli görnüşli penjire we gapy ulgamlary, şäher abadanlaşdyryş çözgütleri.

Baýer (Buyer) maksatnamasy — telekeçiler üçin amatly mümkinçilikler Serginiň guramaçylary lomaý alyjylar, gurluşyk kompaniýalary we resmi wekiller üçin ýörite «Baýer maksatnamasyny» taýýarladylar. Tassyklanan gatnaşyjylara aşakdaky ýeňillikler hödürlenilýär:

  • Sergä gatnaşylýan ähli günler üçin mugt giriş petegi;
  • Öndürijiler bilen gönüden-göni B2B duşuşyklaryny geçirmek mümkinçiligi;
  • Stambulyň myhmanhanalarynyň birinde 2 gije mugt ýaşamak (orunlar çäkli).

Ýüz tutmalary bermegiň tertibi Bu mümkinçiliklerden peýdalanmak isleýän türkmen kompaniýalary öz anketalaryny 2026-njy ýylyň 20-nji iýunyna çenli guramaçylara iberip bilerler. Ýüztutmada kompaniýanyň ady, iş ugry, wekiliň maglumatlary (A.A.A. we wezipesi) hem-de habarlaşmak üçin telefon we e-mail salgysy görkezilmelidir.

Aragatnaşyk üçin:

  • Resmi saýt: cfistanbul.com
  • Telefon: +99365815205
  • E-mail: turkmenistan@netorganization.net