
Rahman Geldiýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk meliorasiýalary kafedrasynyň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty: Ýurdumyzda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak we oba hojalyk önümçiliginiň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýan suwarymly ýerleriň netijeliligini ýokarlandyrmak wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanyň suw kodeksi» hereket edýär. Soňky ýyllarda bu ugurda ençeme işler ýerine ýetirildi. Ähli ýerlerde suw tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, täze suw howdanlary gurulýar we olaryň ozal bar bolanlary giňeldilýär.
Häzirki döwürde suwy tygşytly peýdalanmak maksady bilen, baglary, ekinleri damjalaýyn usulda suwarmak giň gerime eýe boldy. Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň günortasynda, demirgazyk-günbatarynda ekilen arça, sosna we beýleki agaçlar damjalaýyn usul bilen suwarylýar. Damjalaýyn usulda suwarmak ekinleriň köklerine yzygiderli çyglylyk berýär, uly ýapgytlygy bolan ýerleri we baýyrlary özleşdirmäge mümkinçilik döredýär, şeýle-de, ýeri haşal otlardan arassa saklaýar. Damjalaýyn usul bilen miweli we gyrymsy baglary, üzümleri hem-de gök-bakja ekinleri suwarmak bolýar. Garagum sährasynyň merkezindäki iri gidrotehniki desga hasaplanylýan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitiň suw üpjünçiligini gowulandyrmakda, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde ähmiýeti uludyr. Zeýkeş kollektorlarynyň sazlaşykly işi netijesinde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndan şor suwlar bu köle akdyrylýar. Munuň özi ýerasty suwaryş ýagdaýynyň, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň gowulanmagyna, ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna ýardam edýär. Türkmenistan suwy tygşytly ulanmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda uly işleri alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen oba hojalygyny ösdürmek, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, obasenagat toplumynyň durnuklylygyny saklamakda tapgyrlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösüşe besleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.
Keywords