
Türkmen boksunyň taryhynda nobatdaky uly üstünlik bellenildi. Tanymal türkmen boksçysy Hursand Imankulyýew professional boksda ajaýyp ýeňiş gazanyp, abraýly “WBC Eurasia” çempionlyk guşagynyň eýesi boldy.
Şu ýylyň 29-njy maýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherindäki döwrebap «Humo Arena» sport toplumynda “WBC Eurasia Boxing Night” halkara boks agşamy guraldy. Dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň ünsüni çeken bu abraýly çärä meşhur sport işgärleri, şol sanda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň wise-prezidenti Otabek Umarow hem ýörite gatnaşdy.
Ýarym orta agram (69,8 kg çenli) derejesinde geçirilen çempionlyk tutluşygynda ildeşimiz tanzaniýaly boksçy Adam Daça garşy ringe çykdy. Garşydaşynyň professional karýerasynda 8 ýeňşi, bary-ýogy 1 ýeňlişi we 1 deňme-deňligi bolmagy tutluşygyň bäsleşikli geçjekdiginden habar berýärdi. Emma türkmen türgeni ringde doly artykmaçlygyny görkezip, birinji raundda garşydaşyny möhletinden öň utmagy başardy we ynamly ýeňiş gazandy.
Hursand Imankulyýew — halkara derejeli sport ussasy we Türkmenistanyň 10 gezekki çempionydyr. Ol mundan ozal hem dünýä çempionatlarynda we Aziýa oýunlarynda ýurdumyzyň sport abraýyny gorapdy. Şeýle hem sportçymyzyň reýtinginde 2017-nji ýyldaky Yslam raýdaşlygy oýunlarynyň bürünç medaly we 2018-nji ýylda Polşada geçirilen Feliks Ştamm adyndaky XXXV halkara ýaryşynyň altyn medaly bar.
Daşkentde gazanylan bu zafar Imankulyýewiň professional ringdäki ilkinji uly tituly hökmünde hasaba alyndy.
WBC barada maglumat: Düýbi 1963-nji ýylda tutulan Bütindünýä boks geňeşi (World Boxing Council) häzirki wagtda dünýäniň iň öňdebaryjy dört professional boks guramasynyň biridir. Guramanyň resmi reýting ulgamyna girýän “WBC Eurasia” guşagy bolsa sebitara çempionlygy aňladyp, türgenlere dünýä reýtinginde has ýokary basgançaklara göterilmäge giň mümkinçilik açýar.
Keywords