«Tatneft» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy manatda tölegleri geçirmek şerti bilen, awtomatiki ýangyn duýduryş ulgamyna hem-de ýangyna garşy suw üpjünçiligi serişdelerine tehniki hyzmat etmek hyzmatlaryny satyn almak boýunça №2026/39 belgili аçyk tender yglan edýär.

Tenderde bäsleşmek isleýän kärhanalar kompaniýanyň resmi blankasynda ýazylan we ygtyýarly şahs tarapyndan gol çekilip möhürlenen arzalaryny şahamçanyň elektron poçtasyna (KhalilulinBS@tatneft.tatar) iberip bilerler. Arzalarda gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy we bank rekwizitleri hökmany suratda görkezilmelidir. Şunuň bilen birlikde, offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bar bolan kompaniýalaryň arzaly ýüzlenmeleri kabul edilmeýär.

Resmi arzalara jogap hökmünde dalaşgärlere ýörite tehniki tabşyryk iberiler. Taýýarlanan tender teklipleri PDF we Excel formatlaryndaky elektron faýllar arkaly, azyndan sekiz simwoldan ybarat açar sözi bilen goralýan RAR arhiwinde tabşyrylmaly.

Teklipleri kabul etmegiň möhleti «Nebit-Gaz» gazetinde çap edilen gününden başlap 20 iş gününa deň bolup, 2026-njy ýylyň 28-nji iýulyndan 24-nji awgustyna çenli (ýerli wagt bilen sagat 18:00-a çenli) dowam edýär. Görkezilen wagtdan gijä galyp gelen resminamalar seredilmegine degişli däldir.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

  • Guramaçylyk meseleleri boýunça: +993 61 49 57 47

  • Tehniki meseleler boýunça: +993 62 60 07 11