«Türkmentel — 2026» halkara forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi birnäçe daşary ýurt kompaniýalary we guramalary bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekdi. Resminamalar sanly infrastrukturany ösdürmäge, döwrebap IT çözgütlerini ornaşdyrmaga we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga gönükdirilendir.
Ähtnamalara Hytaýyň «Canaan Creative Global Pte. Ltd.» kompaniýasy, «Dell Technologies Kazakhstan and Central Asia» hem-de Russiýanyň «Şkola 21» awtonom täjirçilik däl guramasy bilen gol çekildi.
Ylalaşyklar häzirki zaman hasaplaýyş tehnologiýalary, telekommunikasiýa, maglumatlary gaýtadan işleýän merkezler, kiberhowpsuzlyk we elektron hökümet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem tejribe we hünärmenleriň bilimleri bilen alyşmak, bilelikdäki tehnologik hem-de bilim taslamalaryny durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berilýär.
Hususan-da, «Şkola 21» guramasy bilen hyzmatdaşlyk IT bilimi ösdürmäge we Türkmenistanda maglumat tehnologiýalary boýunça hünärmenleri taýýarlaýan merkezi döretmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge gönükdirilendir.
Gol çekilen resminamalar geljekde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin esas bolup, ýurduň sanly özgertmelerine ýardam etmegi, döwrebap tehnologik infrastrukturany









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.