
2025-nji ýylda BYD — 2,25 million, Tesla bolsa — 1,64 million elektromobil satdy.
Hytaýyň BYD kompaniýasy amerikan Tesla kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäde elektromobilleri iň köp öndürýän kompaniýa boldy.
Tesla tarapyndan düýn çap edilen maglumatlara görä, kompaniýanyň 2025-nji ýyldaky satuwy tas 9 göterim pese gaçyp, 1,64 million awtoulag boldy. BYD bolsa penşenbe güni geçen ýylda elektromobilleriniň satuwynyň tas 28 göterim artyp, 2,25 milliondan geçendigini mälim etdi. Şeýlelikde, BYD Tesla-dan diňe öňe geçmek bilen çäklenmän, bäsdeşinden tas 40 göterim köp netije görkezdi.
BYD-niň üstünligi ilkinji nobatda içerki bazardaky ýokary satuwlar bilen baglanyşykly, emma eksport hem örän çalt depginler bilen ösýär. Ýakynda habar berşimiz ýaly, ýanwar–noýabr aýlary aralygynda BYD-niň umumy eksporty 878 müň awtoulag boldy. Şeýle-de bolsa, bu görkeziji diňe elektromobilleri däl, ähli görnüşdäki awtoulaglary öz içine alýar. Eger-de BYD-niň bir ýyllyk umumy satuwy barada aýtsak, bu görkeziji eýýäm 4,55 million awtoulagdan geçýär.
Keywords