
TikTok we Douyin platformalarynyň eýesi bolan hytaý kompaniýasy ByteDance 2026-njy ýylda Amerikanyň Nvidia kompaniýasyndan emeli aň üçin niýetlenen prosessorlary satyn almaga takmynan 100 milliard ýuan (takmynan 14,29 milliard ABŞ dollary) gönükdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär.
Bu meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ABŞ häkimiýetleri tarapyndan Nvidia H200 grafiki prosessorlarynyň Hytaý bazaryna satylmagyna rugsat berilmegine baglydyr. Rugsat berlen ýagdaýynda, ByteDance emeli aň infrastrukturasyna goýulýan maýa goýumlaryny ep-esli artdyrar.
Deňeşdirmek üçin aýdylanda, kompaniýa 2025-nji ýylda Nvidia-nyň grafiki prosessorlaryny satyn almaga 85 milliard ýuan sarp edipdi. Bu bolsa 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilýän çykdajylaryň has ýokarydygyny görkezýär.
Nvidia prosessorlary ByteDance kompaniýasynyň emeli aň tehnologiýalarynyň ösüşinde esasy orny eýeleýär. Olar kompaniýanyň öz neýroulgamlaryny, şol sanda Hytaýda iň meşhur çat-botlaryň biri bolan Doubao-ny öwretmek we kämilleşdirmek üçin ulanylýar.
Mundan başga-da, Nvidia-nyň hasaplaýyş kuwwatlyklary TikTok we Douyin platformalarynyň maslahat beriji algoritmleriniň işlemegini üpjün edýär. Bu algoritmler milliardlarça ulanyjynyň isleglerini hakyky wagtda seljerip, şahsylaşdyrylan mazmun lentalaryny döredýär.
Şeýlelikde, emeli aň çiplerine goýulýan bu maýa goýumlar ByteDance tarapyndan global sanly platformalaryň geljekki ösüşi we emeli aň ugrunda kompaniýanyň ornuny berkitmek üçin strategik ädim hökmünde baha berilýär.
Keywords