Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň «Arkadagyň ak ýoly bilen» diýlip atlandyrylýan Serhetabat — Hyrat böleginde gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, gaz geçirijiniň ugry eýýäm Hyrat şäherine çenli ýetdi. Bu barada «Ussatnews» habar berýär.
2026-njy ýylyň ahyryna çenli gurluşyk-gurnama işleriniň çäklerinde galan turbalary ýerleşdirmek we gömmek, geçelgeleri abadanlaşdyrmak hem-de gaz ölçeýji bekedini gurmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, owgan tarapy bilen taslama degişli hukuk we täjirçilik resminamalarynyň toplumyny taýýarlamak işleri tamamlanar. Gaz geçiriji arkaly tebigy gazy iberip başlamagyň 2027-nji ýylda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Serhetabat şäherinden Owganystanyň Hyrat welaýatyna çenli uzalyp gidýän, umumy uzynlygy 153 kilometre barabar bolan bu bölegiň gurluşygyna 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda badalga berildi.
Taslamanyň durmuşa geçirilmegine 850-ä golaý türkmen hünärmeni we 280-den gowrak ýörite tehnika gatnaşýar. Häzirki wagta çenli gaz geçirijiniň ugry boýunça 150,7 kilometrlik zolak taýýarlanyldy, 139 kilometrlik turba kebşirlenip, bir bitewi ulgama birikdirildi. Bu görkeziji gurluşygyň degişli böleginiň umumy uzynlygynyň takmynan 90 göterimine deňdir. Taýýar edilen böleklerde gidrostatik synaglar tapgyrlaýyn geçirilýär.
TOPH taslamasy diňe bir ýylda 33 milliard kub metre çenli tebigy gaz geçirmäge niýetlenen halkara energetika magistraly bolman, eýsem, sebitiň senagat taýdan ösüşine itergi berjek möhüm infrastruktura taslamasy hökmünde hem ähmiýetlidir.
Hyrat şäherinde taslama bilen baglanyşykly ilkinji infrastruktura zerurlyklary hem kesgitlenildi. Olaryň hatarynda ýerli senagat zolagyny tebigy gaz bilen üpjün etmek, senagat seýilgähine çenli gaz geçiriji çekmek, gaz paýlaýjy beketleri gurmak we gysylan tebigy gaz öndürýän toplumy döretmek bar.
Serhetabat — Hyrat böleginiň ulanylmaga berilmegi TOPH taslamasynyň indiki tapgyrlaryny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Bu taslama türkmen tebigy gazynyň Günorta Aziýanyň energetika bazarlaryna iberilmegi üçin täze mümkinçilikleri açar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.