2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Ankarada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi M.Işangulyýew bilen Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkleriň we garyndaş jemgyýetleriň işleri baradaky müdirliginiň (YTB) başlygy Abdulhadi Turusyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony geljekde ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar, hususan-da, bilim, ylym, sport we ýaşlar syýasaty ugurlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara garadylar.
Söhbetdeşler ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça iki ýurduň arasynda özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň we hyzmatdaşlygyň oňyn depgininiň bardygyny bellediler.
Duşuşykda ýaşlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge gönükdirilen bilim maksatnamalaryny we akademiki alyş-çalyşlary durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berildi. Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.