Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Kataryň Doha şäherine amala aşyrýan gulluk iş saparynyň çäklerinde 26-njy noýabrda ýurduň iri ulag-logistika desgalaryna baryp gördi.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Hamad deňiz portunda, Günorta portlaryň Gümrük müdirliginde we Hamad halkara howa menzilinde bolup, bu düzümleriň işiniň guralyşy bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň metbugat bölümi habar berýär.
Katarly hyzmatdaşlar duşuşyklarda gümrük amallarynyň ýerine ýetirilişi, halkara ýükleriň resmileşdirilmegi, döwrebap gözegçilik usullarynyň ulanylyşy we täze tehnologiýalaryň gümrük ulgamyna ornaşdyrylyşy barada maglumat berdiler. Şeýle-de deňiz we howa ulaglarynda gümrük gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça öz tejribelerini paýlaşdylar.
Saparyň çäklerinde türkmen we katarly wekiller gümrük ulgamynda tejribe alyşmak, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek hem-de iki ýurduň degişli edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyklar halkara ulag geçelgeleriniň netijeli işlemeginde gümrük hyzmatlarynyň ornuny güýçlendirmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda möhüm ähmiýete eýe boldy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.