Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisine gatnaşmak hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek maksady bilen, resmi sapar bilen Türkmenistana geldi.
Türk metbugatynyň berýän habaryna görä, belent mertebeli myhmany Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Türkiýäniň wise-prezidenti Aşgabada gelenden soňra, saparynyň ilkinji gününde Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidine baryp gördi. Bu ýerde Jewdet Ýylmaz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyndan iberilen mukaddes Gurhany-kerim kitabyny metjidiň ymamyna sowgat hökmünde gowşurdy.
Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýetiň düzüminde iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlaryna jogap berýän birnäçe ýokary wezipeli ýolbaşçylar bar. Wekiliýetiň hatarynda:
- Haluk Ipek — Türkiýe-Türkmenistan parlamentarara dostluk toparynyň başlygy, AK Partiýanyň Amasýa boýunça deputaty;
- Ahmet Berat Çonkar — Energetika we tebigy baýlyklar ministriniň orunbasary;
- Muhammet Bilal Majit — Milli bilim ministriniň orunbasary;
- Çetin Ali Dönmez — Senagat we tehnologiýa ministriniň orunbasary;
- Özgür Wolkan Agar — Söwda ministriniň orunbasary;
- Durmuş Ünüwar — Ulag we infrastruktura ministriniň orunbasary bar.
Resmi saparyň çäklerinde geçiriljek hökümetara toparyň 9-njy mejlisi we ýokary derejeli duşuşyklar doganlyk türkmen-türk gatnaşyklaryny, ykdysady, söwda we energetika hyzmatdaşlygyny täze sepgitlere çykarmaga gönükdirilendir.








Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.