13–18-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Müňýyllyklaryň gudratly bedewleri: Hytaý sungatynda atlar» atly sergi geçiriler. Medeni çärä Hytaýyň Sinszýan we Gonkong sebitleriniň wekilleri hem gatnaşarlar.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, sergi Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmäge we özara tejribe alyşmaga bagyşlanýar. Çäräniň mazmunynda iki ýurduň taryhyny we medeniýetini müňýyllyklaryň dowamynda birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti hem öz beýanyny tapýar.
Sergide bedewiň çeper keşbini dürli sungat serişdeleri arkaly şöhlelendirýän eserler görkeziler.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.