Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasynyň gymmatly nusgalarynyň biri bolan «Ýekegowak» taryhy ýadygärligi Mary welaýatynyň Murgap derýasynyň kenarýakasynda ýerleşýär. Ol orta asyrlarda ussat hünärmenler tarapyndan dagyň çägeli gatlaklary oýulyp döredilen köpgatly gowaklar toplumynyň bir bölegidir.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň ikinji jildinde bu täsin ýadygärlik barada giňişleýin maglumat berýär. Kitapda bellenilişi ýaly, Murgap derýasynyň çep kenary bilen demirgazyga tarap hereket eden kerwenler Daşköpriniň we Tagtabazaryň töwereginde ýerleşýän gowaklar toplumynyň deňinden geçipdirler. Şol gowaklar derýanyň sag kenaryndaky kert baýyrlygyň galyň çäge daşlary oýulyp ýasalypdyr.

Şol toplumyň özboluşly nusgalarynyň biri bolan «Ýekegowagyň» uzynlygy 37 metre ýetýär. Ol gönüligine uzalyp gidýän däliz görnüşinde bolup, ýokarky bölegi gümmez şekilinde oýulypdyr. Däliziň iki gapdalynda otaglar ýerleşýär. Olaryň käbirinde tegelek görnüşli çuň guýular hem bar. Gowaklar toplumynyň ýokarky gatyna çykmak üçin daşlardan aýlawly basgançaklar gurlupdyr.

Alymlaryň pikirine görä, gadymy döwürlerde bu sebitde dagasty gowaklarda ýaşaýyş jaýlaryny döretmek usuly giňden ýaýrapdyr. Orta asyr arap geografiýaçysy Kudama hem Murgap sebitindäki obalaryň biri barada ýazyp, onuň ýaşaýjylarynyň öýleriniň dagyň içindäki gowaklarda ýerleşendigini belläpdir.

Häzirki döwürde «Ýekegowak» taryhy ýadygärligi ýurdumyzyň geçmiş taryhyna, gadymy binagärlik sungatyna we ata-babalarymyzyň ussatlygyna gyzyklanma bildirýän syýahatçylaryň ünsüni çekýän ýerleriň biridir.