Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Gazagystanyň Ala-Arça jülgesindäki Golubina buzlugynda, deňiz derejesinden 3300 metr belentlikde dikildi. Bu barada «Türkmenistan Habarlar portaly» habar berdi.

Týan-Şan daglaryna guralan bu dabaraly çykyş Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlandy.

Başlangyjy Gazak-German uniwersitetiniň magistratura talyby Dinara Begliýewa Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegini öwrenmäge we suw serişdelerini gorap saklamaga gönükdirilen halkara ylmy maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrdy.

Dabara Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň belent dag gerşinde dikilmegi bilen bir hatarda, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we ýaşlaryň ekologik başlangyçlaryny goldamak ýaly möhüm meseleleriň ähmiýetine hem ünsi çekdi.

3300 metr belentlikde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň dikilmegi Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde türkmen ýaşlarynyň ylmy we ekologik başlangyçlaryny dabaralandyrýan nyşanlaryň birine öwrüldi.