
Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde World Boxing guramasynyň howandarlygynda geçirilen boks boýunça Aziýa çempionaty türkmen sportçulary üçin şowly pursatlara baý boldy. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzasy Döwlet Yslamow bu abraýly ýaryşda bürünç medaly gazanmagy başardy.
30-njy martdan 10-njy aprele çenli dowam eden çempionata Aziýa yklymynyň dürli künjeklerinden jemi 194 türgen (115 erkek we 79 zenan) gatnaşdy. Bäsleşikler 20 agram derejesinde örän ýiti we çekeleşikli ýagdaýda geçdi.
Döwlet Yslamow ýarym final tapgyrynda Gazagystanyň güýçli boksçysy Aýbek Oralbaý bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen söweş 0:5 hasabynda gazak türgeniniň peýdasyna tamamlandy. Şeýle-de bolsa, garşydaşy Döwlet Yslamowyň taýýarlygyna we ukybyna ýokary baha berdi.
Aýbek Oralbaý söweşden soň beren interwýusynda şeýle diýdi:
«Biz Döwlet bilen öňden tanyş, Şymkentdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda bile türgenleşipdik. Bu gün ol özüniň örän gowy sport formasyndadygyny subut etdi. Bu çempionatda gowşak türgen ýok, Döwlet hem iň güýçli bäsdeşleriň biri boldy».
Bu bürünç medal Türkmenistanyň boks mekdebiniň halkara derejesinde barha kämilleşýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Aziýa çempionatynda iň güýçli dörtlügiň hataryna girmek Döwlet Yslamowyň sport ýolundaky möhüm üstünlikleriniň biri hökmünde taryha girer.
Keywords