
Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasy (CAFA) tarapyndan sebitdäki futzal eminleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, halkara tejribelerini baýlaşdyrmak we oýun düzgünleriniň täze talaplaryny düşündirmek maksady bilen sanly ulgam arkaly okuw sapagy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň futbol federasiýasy habar berdi.
Bu okuw sapagyna Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleri hem işjeň gatnaşdylar. Onda ýurdumyza wekilçilik edip, Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) bilermeni we gözegçi emini Wadim Baratow hem-de halkara derejeli emin Timur Gulmyradow çykyş etdiler.
Okuw sapagynyň dowamynda Merkezi Aziýa sebitiniň ähli künjeklerinden gatnaşan futzal eminlerine oýnuň häzirki zaman tendensiýalary, şeýle-de düzgünnamalara girizilen soňky üýtgeşmeler barada giňişleýin maglumatlar berildi. AFK-nyň tejribeli bilermeni Wadim Baratow özüniň köpýyllyk tejribesini gatnaşyjylar bilen paýlaşyp, kyn ýagdaýlarda eminleriň dogry karara gelmek usullaryny düşündirdi.
Bu çäre sebitdäki futbol birleşikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we eminleriň hünär ussatlygyny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň wekilleriniň we eminleriniň halkara derejedäki çärelere yzygiderli gatnaşmagy, ýurdumyzda eminlik mekdebiniň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Keywords