Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, ýurdumyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini äleme ýaýmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli birnäçe çeper elli gelin-gyzlara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy.
Milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamakda we geljek nesillere ýetirmekde köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, hünär ussatlygy nazara alnyp, şu aşakdaky raýatlar bu ýokary döwlet sylagyna mynasyp boldular:
- Gültäç Geldimuhammedowna Hojamuhammedowa — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy;
- Arazbibi Garlyýewa — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy;
- Aýgül Rejepowna Kakyşewa — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy;
- Maýsa Gurbansähedowna Nurberdiýewa — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy;
- Kurbanaý Genjaýewa — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Daşoguz haly önümhanasynyň halyçysy;
- Arazgül Bazarbaýewna Agaýewa — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy;
- Gülistan Toýlybaýewna Gurbanbaýewa — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsaz önümhanasynyň gözegçi ussasy;
- Sülgün Agageldiýewna Penjiýewa — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy;
- Bahar Haýytdurdyýewna Jumaýewa — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy;
- Jennet Jumadurdyýewna Jumageldiýewa — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň sowgatlyk önümhanasynyň halyçysy;
- Altyn Musagulyýewna Algulyýewa — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň halyçysy;
- Aýnabat Baýgeldiýewna Abraýewa — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň halyçysy;
- Tawus Haýydowa — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň «Güneşlik» önümhanasynyň halyçysy;
- Orazgözel Muhammetdurdyýewna Pälwanowa — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Mary haly önümhanasynyň gözegçi ussasy;
- Rabiýa Şerniýazowna Babaniýazowa — «Türkmenpagta» döwlet konserniniň Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginiň halkyň sarp edýän harytlary bölüminiň halyçysy.
Halkymyzyň gadymy halyçylyk sungaty umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşulan deňsiz-taýsyz goşant bolup, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň we ussat halyşynaslarymyzyň çekýän tutanýerli zähmeti döwletimiz tarapyndan mundan ýyl-ýyla uly goldaw hem-de belent sarpa tapmaga dowam edýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.