
Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 13–19-njy aprel aralygynda Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde geçiriljek dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynyň "A" toparçasynyň oýunlaryna gyzgalaňly taýýarlyk görýär. Biziň türgenlerimiziň öňünde duran esasy wezipe — ýaryşyň ýeňijisi bolup, ikinji diwiziona ýollanma gazanmakdyr.
Altyn medal ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysy aşakdaky ýurtlaryň toparlary bilen güýç synanyşar:
Häzirki wagtda ýygyndymyz Aşgabatda taktiki we fiziki taýýarlygyň jemleýji tapgyryny geçýärler. Toparyň kapitany Aman Annanyýazowyň belleýşi ýaly, ýygyndynyň düzümi dolulygyyna ýerli hokkeý mekdebiniň türgenlerinden ybarat bolup, olar ýokary netije görkezmäge doly taýýardyrlar. Türgenler Stambul arkaly 10 müň kilometrden gowrak aralygy söküp, Afrika materigine baryp ýeterler.
Türkmen hokkeýçileri 2018-nji ýylda dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynda eýýäm altyn medal gazanmagy başarypdylar. Şu ýylky çempionat bolsa şol taryhy üstünligi gaýtalamak we milli sportumyzyň abraýyny halkara derejesinde has-da belende götermek üçin möhüm mümkinçilikdir.
Keywords