
Filipinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate1 Ýaşlar ligasy» halkara ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallara mynasyp boldular.
Bütindünýä karate federasiýasynyň (WKF) howandarlygynda guralan bu abraýly ýaryşa dünýäniň 58 döwletinden 790-a golaý türgen gatnaşyp, 12-20 ýaş aralygyndaky toparlarda özara güýç synanyşdylar. Türkmenistanyň karatedo federasiýasynyň habar bermegine görä, ýurdumyzyň topary ýaryşa 4 türgen, 1 tälimçi we halkara derejeli 3 emin bilen gatnaşdy.
Ýeňijileriň gazanan üstünlikleri:
Iki türgen hem milli ýygyndymyzyň düzüminde gara guşakly, 5-nji dan derejeli tälimçi Aýdyn Çaryýewiň ýolbaşçylygynda tälim alýarlar.
Belläp geçsek, Alymuhammet Kakalyýew bu halkara derejeli ýaryşlarda yzygiderli üstünlik gazanyp gelýär. Ol 2024-nji ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde we Ispaniýada geçirilen «Karate1 Ýaşlar ligasy» ýaryşlarynda hem bürünç medallaryň eýesi bolupdy. Şeýle hem, şu ýylyň fewralynda BAE-niň Füžeýra şäherinde geçirilen ýaryşda türkmenistanly türgen Gurbannazar Amandurdyýew hem bürünç medala mynasyp bolup, milli toparymyzyň abraýyny belent tutdy.
Keywords