2027-nji ýylyň 3–5-nji iýunynda Türkiýäniň Stambul şäherindäki TÜYAP sergi toplumynda atyr, kosmetika we gözellik senagatyna bagyşlanan «Beauty Istanbul 2027» atly 8-nji halkara sergi geçiriler. Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň söwda wekilçiligi türkmen telekeçilerini, şol sanda ýerli önüm öndürijileri we distribýutorlary bu halkara çärä gatnaşmaga çagyrýar.

«Beauty Istanbul» dünýäniň kosmetika pudagyndaky iri bäş sergisiniň hataryna girýär. Ol önüm öndürijileriň, distribýutorlaryň, üpjün edijileriň we pudak hünärmenleriniň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin möhüm halkara meýdança bolup hyzmat edýär.

Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, 2027-nji ýylda geçiriljek sergä 65 döwletden 1 400-den gowrak gatnaşyjynyň, şeýle hem dünýäniň 167 ýurdundan satyn alyjylaryň we pudaklaýyn bilermenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sergi türkmen kompaniýalary üçin halkara bazarlaryna çykmak, täze hyzmatdaşlary tapmak, ygtybarly üpjün edijiler bilen göni aragatnaşyk ýola goýmak hem-de özara bähbitli söwda ylalaşyklaryny baglaşmak babatda amatly mümkinçilikleri döreder.

Serginiň çäklerinde deri we beden idegine niýetlenen serişdeler, kosmetika önümleri, parfýumeriýa, dellekhanalar we gözellik salonlary üçin harytlar, hojalyk himiýasy, ýöriteleşdirilen çig mallar, döwrebap gaplama çözgütleri hem-de hususy söwda nyşanlary (STM) bilen öndürilýän önümler görkeziler.

Öňki ýyllaryň netijeleri hem serginiň işewürlik ähmiýetini görkezýär. Geçen ýyllarda bu halkara meýdançada 26,5 müňden gowrak hünärmen satyn alyjy we pudak wekili işewürlik gatnaşyklaryny alyp bardy.

Türkmen telekeçileri sergä gatnaşmak arkaly gözellik senagatynyň halkara bazaryndaky täze ugurlar bilen tanyşmaga, önümçilik we söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem-de türkmen önümleriniň daşary ýurtlarda tanyşdyrylmagyna goşant goşmaga mümkinçilik alarlar.

Sergä gatnaşmak şertleri, hasaba alyş we beýleki maglumatlar bilen «Beauty Istanbul» sergisiniň resmi internet sahypasynda tanşyp bolýar: https://beauty-istanbul.com.