Türkmenistanyň milli moda sungaty 5–7-nji sentýabrda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek “Who’s Next” halkara hünär moda sergisinde giňden tanyşdyrylar.
Halkara Söwda Merkeziniň (ITC) goldawy bilen geçiriljek çäräniň “Ready-to-Wear” bölüminde Türkmenistanyň dizaýnerleri we milli brendleri täze kolleksiýalaryny dünýä moda pudagynyň wekillerine hödürlärler.
Sergide dizaýner Mukaddes Ibragimowa, şeýle hem “Binaym”, “Desert Heritage” we “AYM” brendleri gatnaşar. Olaryň işlerinde türkmen milli däpleri bilen häzirki zaman dizaýn çözgütleri sazlaşykly utgaşýar.
Mukaddes Ibragimowa ikat we jins matalaryndan, nagyşly ýüpekden taýýarlanan korsetleri, penjekleri we balaklary görkezer. “Desert Heritage” brendi bolsa tebigy boýaglar bilen reňklenen we elde taýýarlanan ýüpek, pagta, zygyr hem-de düýe ýüňünden öndürilen önümlerini hödürlär.
“AYM” brendi gadymy Nusaýyň taryhy mirasyndan ylham alan elde nagyşlanan zygyr önümleri bilen çykyş etse, “Binaym” türkmen el işlerini peýçwork usuly arkaly häzirki zaman jins önümlerinde özboluşly görnüşde beýan eder.
Türkmen dizaýnerleriniň Pariždäki halkara sergä gatnaşmagy milli dokmaçylyk däpleriniň, el işleriniň we häzirki zaman türkmen modasynyň dünýä moda giňişliginde tanadylmagy üçin möhüm mümkinçilikdir. Şeýle-de bu çäre ýerli brendleriň täze halkara bazarlara çykmagyna we daşary ýurtly hünärmenler bilen döredijilik hyzmatdaşlygyny ösdürmegine ýardam edip biler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.