Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Beýik Britaniýada geçirilen «XPERTSTEM Elite Final Competition» halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, birnäçe medal gazandylar. 1–7-nji awgust aralygynda geçirilen bäsleşige dünýäniň dürli ýurtlaryndan zehinli ýaşlar gatnaşdy.
Bäsleşikde Aşgabat şäherindäki türkmen-türk orta mekdebiniň 13 ýaşly okuwçysy Akgözel Perhadowa «Programmirleme» ugry boýunça altyn medala mynasyp boldy. Ýaş gatnaşyjy tehnologik meseleleri çözmekde öz bilimini, analitiki pikirleniş ukybyny we döredijilikli çemeleşmesini görkezdi.
«Iňlis dili» ugry boýunça bolsa Türkmenistanyň üç okuwçysy bürünç medal gazandy. Olaryň hatarynda Mary welaýatynyň 16-njy ýöriteleşdirilen mekdebiniň okuwçysy Aýnur Ýagmyrowa, Aşgabat şäherindäki 15-nji orta mekdebiň okuwçysy Mariýa Ruslanowa hem-de Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 2-nji ýöriteleşdirilen mekdebiň okuwçysy Jennet Halbaýewa bar.
Türkmenistanyň okuwçylarynyň halkara bäsleşikde gazanan netijeleri ýaş nesliň bilim, tehnologiýa we daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezýär.
«XPERTSTEM Elite Final Competition» ýaly halkara bäsleşikler mekdep okuwçylaryna öz bilimlerini halkara derejesinde synap görmäge, dürli ýurtlardan gelen deň-duşlary bilen tejribe alyşmaga we täze bilim ugurlaryna bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.