
2026-njy ýylyň ilkinji çärýeginde Türkmenistanyň süýji-süýtli önümleriniň daşary ýurtlardaky abraýy has-da artdy. Özbegistanyň Statistika agentliginiň täze hasabatyna görä, ýylyň ilkinji iki aýynda Türkmenistan goňşy ýurduň bazaryna iň köp şokolad eksport edýän döwletleriň sanawynda esasy orunlaryň birini eýeledi.
Hasabat döwründe (ýanwar-fewral aýlary) Özbegistan dünýäniň 34 ýurdundan jemi 27,7 million ABŞ dollaryna barabar bolan 6,6 müň tonna töweregi şokolad önümlerini satyn aldy. Türkmen öndürijileri bu möwritde goşny bazara 209,1 tonna önüm ugradyp, hatda bu ugurda köpýyllyk bäsdeşlerini hem yzda galdyrmagy başardylar.
Eksportçy ýurtlaryň görkezijileri şeýle:
Görkezijilerden mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Gazagystan we Türkiýe ýaly güýçli eksportçylardan öňe geçip, sebitdäki ornuny pugtalandyrdy. Umumy importyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 1,1 müň tonna azalmagyna garamazdan, türkmen önümleriniň uly möçberde ugradylmagy, alyjylaryň Türkmenistanda öndürilýän şokoladlara bolan gyzyklanmasynyň we ynamynyň artýandygyny subut edýär.
Türkmen şokoladynyň Özbegistan bazaryndaky bu üstünligi, ýurdumyzda azyk senagatynyň we hususy telekeçiligiň halkara standartlara laýyklykda ösýändiginiň aýdyň görkezijisidir.
Keywords