
Garyşyk söweş sungatlarynyň (MMA) türkmen ussady Ata Atdaýew öz sport ýolundaky iň möhüm duşuşyklarynyň birine taýýarlanýar. Ildeşimiz 8-nji maýda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçiriljek halkara ýaryşynda täjigistanly türgen bilen güýç synanyşar.
Professional derejede geçiren bäş söweşiniň ählisini ýeňiş bilen tamamlan (5:0) Ata Atdaýew bu gezek «IMMAF» guramasynyň gurnamagyndaky agşamda çykyş eder. Bellenilip geçilmeli zatlaryň biri hem, bu guramanyň we geçiriljek ýaryşyň UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýtyň göni gözegçiliginde durmagydyr. Bu bolsa ildeşimiz üçin dünýäniň iň abraýly sport guramalaryna ýol açmaga uly mümkinçilikdir.
Ilki meýilleşdirilişi ýaly, türkmen söweşijisi meşhur Hamzat Çimaýewiň elinde tälim alýan Abdurahman Nasruddinow bilen tutluşmalydy. Emma Nasruddinowyň şikes almagy sebäpli, Atdaýewiň garşydaşy täzelendi. Indi oktagonyň aňry tarapynda täjigistanly Jafaraly Nuraliýew durar.
Häzirki wagtda Ata Atdaýew ussat tälimçi Soltan Pirgulyýewiň ýolbaşçylygynda Aşgabat şäherinde güýçlendirilen okuw-türgenleşik işlerini geçirýär. Türgeniň fiziki we taktiki taýdan ýokary derejede taýýarlanandygy bellenilýär.
Duşuşygyň wagty
Möhüm tutluşyk 8-nji maýda Abu-Dabi şäherinde bolar. Söweşiň Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlamagyna garaşylýar.
Biz hem ýeňilmezek pälwanymyza bu jogapkärli söweşde şowlulyk we täze ýeňişleri arzuw edýäris! Ýoluň ak bolsun, Türkmen ýigidi!
Keywords