ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyby Gurban­geldi Işanowyň sportdaky üstünlikleri amerikan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni çekdi. Onuň talyplyk durmuşy, ylgaw sporty bilen meşgullanmagy we uzak aralyklardaky ýaryşlarda gazanan netijeleri barada ABŞ-nyň WKYC teleýaýlymy ýörite habar taýýarlady.

Gurban­geldi Işanowyň ylgaw sporty bilen gyzyklanmagy takmynan bir ýyl ozal 10 kilometrlik ýaryşa gatnaşmakdan başlandy. Ilkinji ädimden soň bu sport onuň durmuşynyň möhüm bölegine öwrüldi. Şondan bäri türkmen talyby dürli marafon we ultramarafon ýaryşlaryna gatnaşyp, uzak aralyklary ýeňip geçmekde tejribesini artdyrdy.

Ýaş türgeniň gazanan netijeleriniň arasynda 100 kilometrlik ultramarafona gatnaşmagy aýratyn bellärliklidir. Ol ýakynda bolsa 50 mil, ýagny takmynan 80 kilometrlik aralygy hem üstünlikli geçdi.

Gurban­geldi üçin sport diňe bir şahsy üstünlikleriň çeşmesi bolman, eýsem, Watanyny daşary ýurtda tanatmagyň hem bir mümkinçiligine öwrüldi. Ol ABŞ-da geçirilýän ýaryşlarda Türkmenistanyň baýdagy bilen çykyş edýär we öz ýurdunyň medeniýeti hem-de nireden gelendigi barada töweregindäkilere gürrüň berýär.

Türkmen talybynyň sportdaky ösüşi we ABŞ-daky durmuşy WKYC teleýaýlymynyň ünsüni çekdi. Kliwlend şäherinde, Ogaýo ştatynda ýaýlyma berilýän teleýaýlym onuň ylgaw sporty bilen tanyşmagy, okuw bilen sporty utgaşdyrmagy we täze maksatlara ymtylmagy barada tomaşaçylara gürrüň berdi.

Gurban­geldiniň bellemegine görä, yzygiderli türgenleşikleriň dowamynda bir ýylyň içinde ozal mümkin däl ýaly görünýän netijelere ýetmek başartdy. Onuň tejribesi maksada okgunlylygyň, tertip-düzgüniň we tutanýerliligiň adamyň öz mümkinçiliklerini giňeltmegine ýardam edip bilýändigini görkezýär.

Türkmen talyby öz tejribesi arkaly ýaşlary uly maksatlary öňde goýmakdan çekinmezlige, özlerine ynanmaga we yzygiderli zähmet çekmäge çagyrýar.

Gurban­geldi Işanowyň sportdaky maksady diňe bir täze aralyklary ýeňip geçmek bilen çäklenmeýär. Ol çykyş edýän ýaryşlarynyň üsti bilen Türkmenistanyň baýdagyny belentde saklamaga we türkmen ýaşlarynyň halkara derejesinde dürli ugurlarda üstünlik gazanyp bilýändigini görkezmäge çalyşýar.

Häzirki wagtda türkmen talyby ABŞ-da okuwyny dowam etdirmek bilen bir hatarda, uzak aralyga ylgamak boýunça türgenleşiklerini hem dowam etdirýär.