Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary Daşkent şäherinde iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamak ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga bagyşlanan sebit okuw maslahatyna gatnaşdylar. PRESETT maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen çäre Britan Geňeşiniň AELLCA bilim taslamasy esasynda guraldy.

Maslahat Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan — Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan gelen 30 sany milli geňeşçini bir ýere jemledi.

Türkmenistana wekilçilik eden hünärmenler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary boldy.

Abdulla Awloni adyndaky Milli pedagogik ussatlyk institutynyň binasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti Britan Geňeşiniň baş direktory Skott Makdonald bilen duşuşdy. Mugallymlar özleri tarapyndan taýýarlanan okuw maksatnamalarynyň taslamalaryny tanyşdyrdylar. Şeýle-de kärdeşleri bilen bilim bermekde inklýuziw we amaly çemeleşmeleri ornaşdyrmak, geljekki mugallymlaryň hünär başarnyklaryna baha bermegiň häzirki zaman usullaryny ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, Britaniýanyň Norwiç dil bilimi institutynyň (NILE) tälimçileri gatnaşyjylar üçin hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe amaly okuw sapaklaryny geçirdiler.

Bu halkara taslamasyna gatnaşmagyň Türkmenistanyň bilim ulgamynda hem anyk netijeleri bar. Hususan-da, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda täzelenen okuw maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy we 2026–2027-nji okuw ýylyndan başlap okuw işine ornaşdyryldy. Täze maksatnama talyplaryň amaly taýýarlygyny güýçlendirmäge hem-de daşary ýurt dillerini okatmagyň öňdebaryjy usullaryny peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Şeýle halkara hyzmatdaşlygy we bilim maksatnamalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilim ulgamyny kämilleşdirmek, şeýle hem ýokary hünärli ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işlere ýardam berýär.