
Türkmenistanyň tennis boýunça ýygyndy topary şu gün Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde badalga alýan Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynyň saýlama ýaryşyna gatnaşýar. Ýaryşa jemi 7 ýygyndy topar gatnaşyp, olar iki toparça bölündirildi.
Bije çekişligiň netijelerine görä, Türkmenistanyň ýygyndysy «B» toparçada Yragyň, Gyrgyzystanyň we Kuweýtiň toparlary bilen bäsleşer. «A» toparçada bolsa Kataryň, Demirgazyk Marian adalarynyň hem-de Şri-Lankanyň ýygyndylary ýer aldy.
Ýaryşyň düzgünine laýyklykda, her toparçada birinji we ikinji orunlary eýelän toparlar utulan-çykdy tapgyrynyň duşuşyklarynda geljek ýyl Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparyna çykmak üçin iki ýollanma ugrundaky göreşe girişerler. Toparçada üçünji orny eýelänler IV toparda galmak ugrunda özara duşuşyk geçirerler. Şol bäsleşikde ýeňlen topar «B» toparçasynda dördünji orny eýelän ýygyndy bilen bilelikde Aziýa we Okeaniýa zolagynyň V toparyna düşer.
Türkmen tennisçileri bu ýaryşdaky ilkinji duşuşygyny Kuweýtiň ýygyndysyna garşy geçirerler. Ýurdumyzyň ýygyndysynyň düzüminde Ýuriý Rogusskiý, Selim Çagylow, Aly Geldiýew we Resul Ataýew çykyş edýärler. Toparyň kapitany Meýlis Orazmuhammedow, baş tälimçisi Miraly Gasanow, fitnes tälimçisi bolsa Samir Agabekow bolup durýar.
Bellik etsek, Türkmenistanyň tennis ýygyndysy Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda 2004-nji ýyldan bäri ýurdumyza wekilçilik edýär. Geçen ýyl Bahreýniň Isa-Taun şäherinde geçirilen Aziýa we Okeaniýa zolagynyň V toparynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, IV topara çykmaga hukuk gazanypdylar.
Keywords