Halkara derejesinde uly üstünlikleri gazanan, Professional Fighters League (PFL) guramasynyň ýarym agyr agram derejesindäki meşhur türkmen garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) wekili Döwletjan Ýagşymyradow Birleşen Milletler Guramasynyň «Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi» diýen belent ada mynasyp boldy.

Türgene bu ýörite şahadatnama BMG-niň baş edarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Resminamany sportçymyza Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik wekili Wepa Hajiýew dabaraly ýagdaýda tabşyrdy.

Ýatlatyp geçsek, 2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy we guramanyň agza döwletleriniň biragyzdan goldamagy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edilipdi. Şol resminama laýyklykda, Dostluk oýunlary her ýyl yzygiderli guralyp gelinýär.