Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirilen “Samarkand Open” Uniwersal söweş sungaty boýunça Bütindünýä açyk çempionatynda türkmen türgeni Şöhrat Orazgeldiýew üstünlikli çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ulaglardaky polisiýa müdirliginiň işgäri, polisiýanyň podpolkownigi Şöhrat Orazgeldiýew ýaryşda 70 kilogram agram derejesinde “Klassik” görnüş boýunça çykyş etdi.
25–28-nji iýul aralygynda geçirilen halkara bäsleşiginde türkmen türgeni dört sany çekeleşikli duşuşyk geçirip, ähli garşydaşlaryndan üstün çykdy we ýaryşyň baş baýragyny eýeledi.
Çempionatyň jemleýji gününde Şöhrat Orazgeldiýew Uniwersal söweşiň professionallar ligasynda hem üstünlikli çykyş edip, çempionlyk kemeriniň eýesi boldy.
Tejribeli türgen şu ýylyň dowamynda geçirilen birnäçe halkara ýaryşlarynda hem ýokary netijeleri görkezip, baýrakly orunlara mynasyp bolupdy.
Türkmen türgeniniň bu ýeňşi ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň nobatdaky beýany bolup, türkmen türgenleriniň halkara arenasynda öz ussatlyklaryny görkezýändigini ýene-de bir gezek subut etdi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.