
2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýy türkmen sporty üçin uly üstünliklere beslendi. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Mämmedowyň beren hasabatyna görä, ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlarynda jemi 301 medal gazandylar.
Hasabat döwründe ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, şeýle-de ussat türgenleri taýýarlamak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirildi. Sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara arenasynda çykyş eden türgenlerimiz ýokary netijeleri görkezdiler. Diňe maý aýynyň özünde türgenlerimiz 132 medaly gazanyp, umumy görkezijini 301-e ýetirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýaşlary sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmegiň, şeýle-de zehinli ýaşlary ylym we täze tehnologiýalar bilen gyzyklandyrmagyň zerurdygyny belledi.
Milli ýygyndymyzyň halkara meýdançalaryndaky bu üstünlikleri ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine goýulýan uly ünsüň netijesidir.
Keywords