Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, guramaçylyk döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky döwlet wekiliýeti halkara çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmek maksady bilen Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde iş saparynda bolýar.
Saparyň esasy maksady halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň halkara derejedäki bäsleşiklere gatnaşdyrylmagyny we degişli çäreleriň guramaçylyk işlerini ýokary derejede üpjün etmekden ybaratdyr. Kronenberg şäherinde geçirilen duşuşyklaryň barşynda taraplar halkara ýaryşlary we gözellik bäsleşiklerini guramaga niýetlenen meýdançalaryň mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdylar.
Bellenilişi ýaly, ýaryşlaryň geçiriljek ýerleriniň bezegleri we mahabat ýazgylary häzirki zaman talaplaryna doly laýyk derejede guralar. Ýerli hünärmenler we atşynaslar türkmen halkynyň gadymy atşynaslyk däpleri bilen ýakyndan tanyşmagyň hem-de bu baý tejribäni Ýewropa ýurtlarynda netijeli ulanmagyň wajypdygyny aýratyn nygtadylar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.