
Lebap welaýatynyň sport durmuşynda milli oýunlara we zehin sportuna bolan gyzyklanma barha artýar. Munuň nobatdaky subutnamasy hökmünde Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdepde ýetginjekleriň arasynda geçirilen düzzüm boýunça ýaryşy görkezmek bolar.
Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň tälimçisi Kamiljan Jumaniýazowyň berýän maglumatlaryna görä, ýaryşda Türkmenabat şäherinden we Saýat etrabyndan gelen ýaş türgenler özara güýç synanyşdylar. Şahsy görnüşde geçirilen bäsleşikler örän çekeleşikli we gyzykly pursatlara baý boldy.
Oglanlaryň arasyndaky ýeňijiler
Oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň türgeni Amir Owezow birinji orna mynasyp bolup, ýeňiş gazandy. Saýat etrabynyň wekilleri bolan Oraz Hemraýew ikinji, Ikram Zaripjanow bolsa üçünji orny eýelediler.
Gyzlaryň arasyndaky ýeňijiler
Gyzlaryň arasyndaky bäsleşikde türkmenabatly türgenler uly üstünlik gazandylar. Dilnaza Jumaniýazowa birinji, Selbi Maşaripowa bolsa ikinji orny eýeledi. Ýaryşyň üçünji ornuna Saýat etrabyndan gatnaşan Nurana Kakajanowa mynasyp boldy.
Bu geçirilen sport çäresi ýaşlaryň arasynda milli oýunlarymyzy wagyz etmekde, olaryň pikirleniş ukyplaryny ösdürmekde we sebitleriň arasyndaky sport gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.
Keywords