Halkara derejeli "Argus" baha beriş agentliginiň habar bermegine görä, 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde (ýanwar — mart) Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly amala aşyrylan üstaşyr ýük daşamalary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10 göterim artdy.
Hünärmenleriň seljermelerine görä, bu görkezijiniň ýokarlanmagyna aşakdaky şertler gönüden-göni täsir etdi:
- Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna (TNGIZT) gelip gowuşýan türkmen nebitiniň möçberiniň artmagy.
- Ekerem port nokady arkaly suwuk ýükleriň we Garabogaz şäherinden karbamidiň eksportynyň ýokarlanmagy netijesinde, umumy üstaşyr geçişler ýyllyk hasapda 23 göterim ösüş görkezdi.
Mart aýynda Eýrandan gelýän kükürdiň Azerbaýjan we Gruziýanyň Gara deňiz portlaryna (Poti we Batumi) ugradylmagy has-da güýçlendi. Bazar gatnaşyjylarynyň bellemegine görä, Gara deňiz sebitinde kükürdiň bahasynyň 35 göterim gymmatlamagy, bu önümiň Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr daşalmagyna goşmaça ykdysady höweslendirme berdi.
Hazar deňzindäki iň iri logistika merkezleriniň biri bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty häzirki wagtda dünýä standartlaryna laýyk gelýän birnäçe ýöriteleşdirilen terminallary özünde jemleýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.