
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň awtoulag toplumynda häzirki zaman «Sitrak ZZ4406 V395 ME» kysymly ýük çekiji ulaglaryň 4-si bilen üpjün edildi. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.
Täze gelip gowşan tehnikalar dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny özünde jemleýän we çylşyrymly ýol şertlerine doly uýgunlaşan kuwwatly ulaglar bolup durýar. Olar geologlaryň uzak we barmasy kyn bolan meýdanlarda alyp barýan buraw hem-de gözleg işlerinde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Güýçli motor ulgamy we ýokary çekiji ukyby bilen tapawutlanýan bu ulaglar agyr buraw desgalaryny, enjamlary we zerur materiallary bellenen menzillere bökdençsiz hem-de wagtynda ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem Türkmenistanyň howa şertlerine durnukly şassisi we berk tinger ulgamy, tehnikanyň uzak möhletleýin we netijeli işlemegini kepillendirýär.
Täze ulaglaryň önümçilige girizilmegi ýerasty baýlyklaryň gözleginde wagt tygşytlylygyny üpjün etmek bilen birlikde, işleriň ýokary depginde we howpsuz amala aşyrylmagyna uly goşant goşar.
Keywords