
«Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan berlen resmi maglumata görä, Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişliginde girizilen çäklendirmeler sebäpli uçuş howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen uçuş tertibine üýtgeşmeler girizildi.
Şu ýylyň 15-nji iýunyna çenli aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrylýan howa gatnawlary togtadyldy:
Awiakompaniýa gatnawlaryň ýatyrylmagy sebäpli ýolagçylara awiabiletlerini hiç hili jerimäni tölemezden doly yzyna gaýtarmaga ýa-da göwnejaý bolan başga senelere mugt geçirmäge mümkinçilik berilýändigini habar berýär.
Ýolagçylardan awiabiletlerini yzyna gaýtarmak ýa-da uçuş senesini üýtgetmek üçin bilet satyn alan ýerlerine ýa-da awiakompaniýanyň wekilhanalaryna ýüz tutmaklary soralýar. Şeýle hem, resmi web sahypa we onlaýn platformalar arkaly satyn alnan biletleriň pul serişdeleri töleg geçirilen bank kartyna yzyna gaýtarylýar.
Awiakompaniýa ýüze çykan oňaýsyzlyklar üçin ýolagçylardan ötünç soraýar we düşünişýändigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýär. Howa gatnawlarynyň ýagdaýy baradaky iň täze maglumatlary awiakompaniýanyň resmi saýtyndan we habarlaşyk kanallaryndan yzarlap bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin:
Dubaý şäherindäki wekilhana:
Türkmenistandaky habarlaşyk merkezleri:
Keywords