«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat–Kazan ugry boýunça goşmaça üç gatnawy girizdi. Täze gatnawlar 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli hereket eder. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirilen gatnaw tertibinde habar berilýär.

24-nji oktýabra çenli hereket edýän gatnaw tertibine laýyklykda, yzygiderli gatnawlardan başga-da, Aşgabatdan Kazana çarşenbe, penşenbe we şenbe günleri goşmaça uçuşlar amala aşyrylar.

Çarşenbe güni T5-731 gatnawy boýunça uçar Aşgabatdan sagat 10:50-de uçup, Kazana 12:30-da barar. Penşenbe güni T5-741 gatnawy sagat 07:10-da uçup, 08:50-de gonar. Şenbe güni amala aşyrylýan T5-745 gatnawy bolsa sagat 23:10-da Aşgabatdan ugraýar we ertesi gün 00:50-de Kazana gonýar.

Şeýle hem Aşgabat–Kazan ugry boýunça yzygiderli gatnawlar sişenbe, çarşenbe, anna we şenbe günleri T5-733, T5-739, T5-735 hem-de T5-737 gatnaw belgileri bilen dowam etdiriler.

Mundan başga-da, 2026-njy ýylyň 25-nji oktýabryndan başlap bu ugur boýunça gatnawlaryň ýygylygy hepdede alty uçuşa ýetiriler. Täze tertibe görä, duşenbe gününden başga ähli günlerde Aşgabat bilen Kazanyň arasynda uçar gatnawlary amala aşyrylar.