
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 10–12-nji iýun aralygynda Ýaponiýada iş saparynda boldy. Saparyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy, parlamentara we partiýalaýyn gatnaşyklary ösdürmek meseleleri boýunça birnäçe möhüm duşuşyklar geçirildi.
Wekiliýetiň Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň ýolbaşçy düzümi, şol sanda wise-prezident Taro Aso we Baş sekretar Şýuniçi Suzuki bilen geçiren gepleşiklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki yzygiderli syýasy dialogyň hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda möhüm orun eýeleýändigini nygtadylar.
Duşuşyklarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň we hyzmatdaşlygyň täze mehanizmini döretmegiň zerurdygy bellenildi. Şeýle-de, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça birnäçe anyk teklipler garaldy, olaryň arasynda:
Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, aýratyn hem nebitgaz we himiýa pudaklaryndaky bilelikdäki taslamalaryň ähmiýeti barada pikir alşyldy.
Saparyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köptaraplaýyn we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Keywords