Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda harytlar we ulag serişdeleri barada deslapky maglumatlary elektron görnüşde alyşmak ulgamy işe girizildi. Täze ulgam 2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap iki ýurduň arasynda amala aşyrylýan ýük daşamalarynda ulanylyp başlandy.
Elektron maglumat alyşmak Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň Döwlet girdejiler komitetiniň arasynda baglaşylan degişli ylalaşyga we onuň tehniki şertlerine laýyklykda maglumat ulgamlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar.
Täze ulgamyň esasy aýratynlygy harytlar we ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük çägine gelip ýetmezden ozal olar baradaky zerur maglumatlaryň degişli edaralara elektron görnüşde iberilmeginden ybaratdyr. Alnan maglumatlar esasynda öňünden seljerme geçirilip, ýükler gelmezden ozal zerur gümrük amallaryna taýýarlyk görmäge mümkinçilik döreýär.
Elektron deslapky maglumat alyşmagyň ýola goýulmagy daşaýjylar we daşary ykdysady işiň beýleki gatnaşyjylary üçin hem birnäçe amatlyklary döredýär. Hususan-da, gümrük amallaryny ýerine ýetirmek üçin sarp edilýän wagt azalýar, harytlaryň gümrük serhedinden geçirilmegi çaltlaşýar we kagyz resminamalarynyň möçberi azalýar.
Mundan başga-da, ulgam halkara ýük daşamalaryny öňünden meýilleşdirmäge we olaryň hereketini has netijeli guramaga şert döredýär. Bu bolsa Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde we ulag-logistika amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm ädim bolup durýar.
Iki ýurduň arasynda elektron maglumatlaryň özara alyşylmagy gümrük gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, özara söwda boýunça statistiki maglumatlaryň hilini we ygtybarlylygyny hem has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Täze ulgamyň işe girizilmegi Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda gümrük işlerini sanlylaşdyrmak we serhetden haryt geçirmek amallaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini görkezýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.