Türkmenistanyň Katardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow 18-nji awgustda Kataryň Media korporasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Halid bin Abdulaziz bin Jassim Al-Tani bilen duşuşdy. Duşuşykda iki ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli mirasy gorap saklamak we ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreler barada maglumat berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmegi bilen bagly meseleler barada aýratyn durup geçildi.
Gepleşikleriň esasy mazmunyny iki ýurduň media ulgamyndaky amaly hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselesi düzdi. Taraplar Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Kataryň Media korporasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda hünär tejribesini alyşmagyň, iki ýurduň degişli wekilleriniň özara saparlaryny guramagyň we halkara media forumlaryna bilelikde gatnaşmagyň möhümdigi bellenildi.
Taraplaryň pikirine görä, şeýle hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň we Kataryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda gatnaşyklary has-da berkitmäge, hünär tejribesiniň alyşylmagyna hem-de iki ýurduň media düzümleriniň arasynda täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine mümkinçilik döredip biler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.