Seulda Türkmenistanyň we Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň arasynda ýokary tehnologiýalar pudagyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga gönükdirilen möhüm ylalaşyga gol çekildi. Resminama laýyklykda, «Amatly çözgüt» hojalyk jemgyýeti bilen Günorta Koreýanyň «S&T System Inc.» kompaniýasy «Ýerli Tor» atly bilelikdäki kärhanany döreder.

Täze kärhananyň esasy maksady Türkmenistanda döwrebap IT enjamlaryny öndürmek boýunça milli önümçilik binýadyny kemala getirmekden ybarat bolar. Taslamanyň çäklerinde döwlet edaralaryny, iri kompaniýalary, maglumatlary işlemek merkezlerini we möhüm infrastruktura desgalaryny ýerli önümçilik esasynda taýýarlanan serwerler, maglumatlary saklaýyş ulgamlary hem-de häzirki zaman tor enjamlary bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde taraplaryň wezipeleri hem kesgitlenildi. Günorta koreýaly hyzmatdaşlar öňdebaryjy tehnologiýalaryň Türkmenistana geçirilmegini, degişli tehniki çözgütleriň hödürlenmegini we hünärmenleriň goldawyny üpjün ederler. Türkmen tarapy bolsa önümleri ýerli talaplara laýyklaşdyrmak, zerur önümçilik infrastrukturasyny döretmek we täze tehnologiýalary içerki bazara ornaşdyrmak boýunça işleri alyp barar.

Bilelikdäki kärhanada önümçilik enjamlary ýygnamak we sazlamak bilen çäklenmän, önümleriň hiline gözegçilik etmek, tehniki synaglary geçirmek, programma üpjünçiligini enjamlara birleşdirmek, şeýle hem kepillik we serwis hyzmatlaryny ýola goýmak ýaly tapgyrlary hem öz içine alar.

Taslamanyň geljekki tapgyrlarynda ýerli önümçiligiň paýyny artdyrmak, ýokary hünärli milli inženerleri taýýarlamak we täzeçil tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

«Ýerli Tor» bilelikdäki kärhanasynyň döredilmegi Türkmenistanyň IT enjamlaryny öndürmek boýunça içerki mümkinçiliklerini giňeltmäge, sanly infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga we tehnologik pudakdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlaryň biri bolar.