
Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow bilen Malaýziýanyň Gümrük müdiriýetiniň başlygy Amran Ahmadyň arasynda bolan duşuşykda iki döwletiň gümrük gulluklarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolan gümrük ugry boýunça tejribe alyşmagy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Türkmen tarapy gümrük ulgamynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň taslamasynyň üstünde işi çaltlaşdyrmagy teklip etdi. Bu möhüm resminama Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana boljak resmi saparynyň çäklerinde gol çekmek üçin taýýarlanylýar.
Malaýziýanyň wekilleri Ähtnamanyň taslamasynyň şu wagt ýurduň degişli hukuk edaralarynda we ministrliklerinde seredilýändigini habar berdiler. Olar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirip, resminama boýunça jogaby gysga wagtyň içinde bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Bu duşuşyk Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, şol sanda gümrük düzgünlerini kämilleşdirmek we söwda dolanyşygyny ýeňilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň täze depginini görkezýär.
Keywords