
Pakistanyň Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi hanym Farýal Legari bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparowyň duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň esasy mowzugy iki ýurduň arasyndaky sport gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekden ybarat boldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Pakistanyň ilçisi özara dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, 2026-njy ýylyň Futbol boýunça dünýä çempionaty üçin ýörite taýýarlanan «Trionda» kysymly resmi futbol pökgilerini türkmen tarapyna gowşurdy. Bu sowgat sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň berkemeginiň we dünýä çempionatynyň dowamyndaky agzybirligiň aýdyň nyşany hökmünde kabul edildi.
Şeýle hem, milli futbolyň ösüşine goşulan goşandy nazara alyp, hünärmenler üçin niýetlenen şeýle futbol topunyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Guwançmuhammet Öwekowa hem gowşurylandygy habar berildi.
Gepleşikleriň ahyrynda taraplar iki doganlyk halkyň türgenleriniň arasynda ýoldaşlyk duşuşyklaryny guramak boýunça özara gyzyklanma bildirdiler. Taraplaryň pikirine görä, şeýle başlangyçlar diňe bir sport gatnaşyklaryny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem tejribe alyşmak üçin hem uly mümkinçilikleri döreder.
Keywords