
2026-njy ýylyň 22–23-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDÇMB) wekiliýeti Ankara şäherinde iş saparynda bolýar. Türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Önüm biržalary birleşiginde (TÜRİB) birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi.
Iki günlük iş maksatnamasynyň çäginde TDÇMB-niň başlygynyň orunbasary Ýusup Amansaryýew hem-de Hukuk we işgärler bölüminiň başlygynyň orunbasary Azat Jelilowyň gatnaşmagynda taraplar ygtyýarlandyrylan ambar ulgamy, ELÜS (Elektron önüm resminamalary) bazary, ygtyýarly klasifikatorlyk, TÜRİS goşundylary we oba hojalyk önümleriniň bazarlarynyň işleýiş mehanizmleri boýunça giňişleýin maglumat we tejribe alyşdylar.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Polatly söwda biržasynyň işi, döwrebap barlaghanalaryň hyzmatlary hem-de ygtyýarlandyrylan ambar desgalary bilen ýerinde tanyşarlar.
Bu saparyň Türkmenistan bilen Türkiýanyň arasyndaky birža edaralarynyň özara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga we haryt bazarlarynyň netijeli ösmegine uly goşant goşjakdygy bellenilýär.
Keywords