
Halkara derejesinde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan özüniň daşary syýasat ugruny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda yzygiderli amala aşyrýar.
Şuňa esaslanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna hem-de döwletleriň çäk bitewüligine hormat goýmak baradaky esasy ýörelgelere bil baglamak bilen, Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň tutuş Hytaýyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny Hökümetdigini, Taýwanyň bolsa bu ýurduň çäginiň aýrylmaz bir bölegidigini nobatdaky gezek belledi.
Ýurdumyz «Bitewi Hytaý» syýasaty babatda özüniň ýörelgeleýin we üýtgewsiz garaýşyna berk eýerýändigini mälim edýär. Şonuň bilen birlikde, «Taýwanyň garaşsyzlygy» diýen düşünjäniň islendik görnüşine garşy çykyş edip, Taýwan bogazynyň iki kenarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň diňe parahatçylykly ýollar arkaly ösdürilmegini goldaýar. Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň ýurduň bitewüligini üpjün etmek we ony birleşdirmek ugrunda amala aşyrýan ähli tagallalaryna doly goldaw berýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy.
Keywords