2026-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki Milletler köşgünde Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 77-nji mejlisi öz işine başlady. Halkara çärä Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A. Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşýar.
BMG-niň Bosgunlar boýunça Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komiteti her ýyl Ženewada geçirilýän mejlislerinde guramanyň maksatnamalaryny kämilleşdirmek, halkara goraglylygyny üpjün etmek we bosgunlar bilen bagly beýleki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşýar. Bu duşuşyklara BMG-niň Bosgunlar boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň wekilleri, hökümetara guramalar hem-de hökümete degişli bolmadyk hyzmatdaşlar gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu halkara maslahata gatnaşmagy ýurdumyzyň migrasiýa meselelerine we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyna berýän ähmiýetini görkezýär. Şeýle hem bu gatnaşmak Türkmenistanyň migrasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we ynsanperwerlik ýörelgelerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen tagallalarynyň bir bölegi bolup durýar.
BMG-niň Bosgunlar boýunça Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 77-nji mejlisi 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabryna çenli dowam eder.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.