Türkmenistan Duşenbedäki halkara forumda durmuş hyzmatlary ulgamyndaky tejribesini tanyşdyrdy
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekiliýeti Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen halkara durmuş işi forumynda ýurtda durmuş hyzmatlary ulgamyny özgertmek we çagalary goramak boýunça alnyp barylýan işler barada çykyş etdi.
Forumda Türkmenistanyň durmuş goldaw ulgamynda esasy ünsüň maşgala kynçylyklarynyň netijelerini aradan aýyrmakdan öňüni alyş çärelerine hem-de ýerli derejede maksatly goldaw bermäge gönükdirilendigi bellenildi. Täze çemeleşmeleriň esasy maksady durmuş töwekgelçiligini irki döwürde ýüze çykarmak, şeýle hem goldawa mätäç çagalara we maşgalalara öz wagtynda kömek bermekden ybaratdyr.
Çykyşlarda «Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen hünärmenleri taýýarlamak üçin hukuk binýadynyň döredilendigi, durmuş işgärleriniň taýýarlygynyň kämilleşdirilýändigi, ýerli derejede synag maksatnamalarynyň durmuşa geçirilendigi we degişli edaralaryň özara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylandygy nygtaldy.
Forumyň dowamynda kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen baglanyşykly adalat ulgamyny ynsanperwerleşdirmek hem-de psihososial goldaw hyzmatlaryny ösdürmek meselelerine-de aýratyn üns berildi. Aşgabat şäherinde durmuşa geçirilen synag taslamasynyň mysalynda kanun bilen gapma-garşylyga giren ýetginjekleriň durmuşa uýgunlaşdyrylmagy, dikeldiş çäreleri we jedelleri alternatiw usullar arkaly çözmegiň tejribesi gatnaşyjylara tanyşdyryldy. Şeýle usullary 2026–2027-nji ýyllarda ýurduň ähli sebitlerine tapgyrlaýyn giňeltmek meýilleşdirilýär.
Halkara forum Täjigistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de ÝUNISEF-iň goldawy bilen geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Awstriýanyň, Eýranyň we Ýaponiýanyň wekilleri, şeýle hem BMG-niň agentlikleriniň, ylmy-bilim edaralarynyň we raýat jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri gatnaşdy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.